Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda emeli aň ornaşdyrylan adamsypat robotyň söwdasy başlandy

19:2621.03.2025
0
15347
Hytaýda emeli aň ornaşdyrylan adamsypat robotyň söwdasy başlandy
Surat: Chudo.tech

Hytaýyň «Dobot» kompaniýasy emeli aň ornaşdyrylan we bahasy 199 müň ýuan (27,5 müň dollar) bolan adama meňzeş robotlary satmak üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady. Olar ellerini çakgan hereketlendirmegi we ýöremegi başarýarlar diýip, «Kyodo News» habarlar gullugyna salgylanýan «caliber.az» ýazýar.

«Dobot Atom» diýlip at berlen robot ertirlik taýýarlaýar, süýt guýýar, çörek gyzdyrýar we gutulary getirip berýär.

Gumanoid-robotyň boýy 153 sm, agramy 62 kg. Kompaniýa 18-nji martda onuň deslapky sargyt boýunça satuwynyň başlanandygyny yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň