Top.Mail.Ru

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

23:5121.03.2025
0
25151

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Beýan edilişi ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iberen hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen, şeýle diýýär:

— Hormatly jenap Prezident! Birleşen Ştatlaryň adyndan Size we ähli türkmen halkyna parahatçylygyň we täzelenişiň nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

Amerikan halky Siziň durmuşa geçirýän özgertmeleriňizi uly ruhubelentlik bilen kabul edýär hem-de men köp möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýärin. Biz Siziň bilen bilelikde işlemek mümkinçiligine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň wekiliýetini uly, gözel, ak mermerli Aşgabada ibermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu maslahaty geçirýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýäris.

Biziň merdana halklarymyzyň geljekki üstünlikleriniň bähbidine Amerikanyň Birleşen Ştatlary hemişe Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, garaşsyzlygynyň we çäk bitewüliginiň berk tarapdary bolmagynda galar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň