Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Buffalo uniwersitetiniň alymlary ýekelikde söýgüli saz diňlemegiň ýalňyzlyk duýgusyny ýeňmekde we emosional haly gowulandyrmakda täsirli güýje eýedigini anykladylar. Ylmy barlaglaryň jemleri «Psychology of Music» (POM) žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Alymlar synaglar netijesinde oňa gatnaşyjylaryň saz eserlerini ýerine ýetirijiler bilen özara baglanyşygy duýýandyklaryny, sazyň olarda ýakyn adamlary we durmuşyň möhüm pursatlary barada ýatlamalary oýarýandygyny anykladylar.
Aýdym-saz, seriallara tomaşa etmek ýaly, adamyň lezzet almak islegini kanagatlandyrman, eýsem, ýekelik duýgusyny ýeňmekde we emosional abadançylygyny gowulandyrmakda örän täsirli serişdedir diýip, alymlar belleýärler.