Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gandash Uniform»: «Ýörite geýimler dünýäsinden» HoReCa ulgamynyň işgärleri üçin ýörite geýimler

10:4419.03.2025
0
14751

«Ýörite geýimler dünýäsi» kompaniýasy myhmanhana we restoran işi ulgamynyň (HoReCa) işgärleri üçin ýörite döredilen «Gandash Uniform» hünärmen lybaslaryny hödürleýär. Bu ulgamyň aýratynlyklaryny we ýokary talaplaryny göz öňünde tutup, kompaniýa rahatlygy, stili we peýdalylygy özünde jemleýän ýörite geýimleri tikmek hyzmatyny hödürleýär.

«Gandash Uniform» ýörite geýimleri döredilende tebigy süýümleriň (pagta, ýüň) we häzirki zaman sintetiki materiallaryň utgaşdyrylmagy esasynda taýýarlanan matalar ulanylýar. Munuň özi lybas geýilende diňe bir bedene ýakymlylygy we rahatlygy däl-de, eýsem, önümleriň berkligini hem üpjün edýär, bu bolsa HoReCa ulgamynda işjeň ulanmak üçin aýratyn möhümdir.

«Gandash Uniform» ýörite geýimleri hapalanma, deformasiýa we ýuwlandan soň daralma garşy ýokary durnuklylygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa onuň ulanylyş möhletini uzaldýar we uzak wagtlap daşky keşbini üýtgetmezden saklamagyna mümkinçilik berýär.

«Ýörite geýimler dünýäsi» kompaniýasy islendik dizaýnerlik çözgütlerini durmuşa geçirmäge hem-de müşderiniň korporatiw stiline doly laýyk gelýän lybaslary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary hilli matalary we esbaplary hödürleýär. Her bir sargyt müşderiniň hususy talaplary göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilýär, bu bolsa lybaslaryň bedene laýyklygyny we ýokary derejede rahatlygyny üpjün edýär.

«Gandash Uniform» ýörite geýimlerini sargyt etmek ýa-da hünärmenleriň maslahatyny almak üçin aşakdaky telefonlar arkaly kompaniýanyň wekilleri bilen habarlaşyp bilersiňiz:

(+993 64) 003 002

(+993 61) 555 522

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Dükanlaryň salgylary şu salgylanmada elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň