Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» awtoulag sürüjilerine hyzmatlaryň we harytlaryň giň toplumyny hödürleýär

17:1327.05.2021
1
7427

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlary ýurdumyzyň ähli awtoulag sürüjilerine mälimdir. «Awtoýoly» nyşanyny göterýän söwda nokatlarynda meşhur awtoulag kompaniýalarynyň, şol sanda Michelin, Mobil, Westlake, Hankook, Varta, Yigit Aku, Apollo we beýleki dürli harytlaryny alyjylara hödürleýär.

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlaryndan awtoulaglaryň tekerlerini, akkumulýatorlary, ýaglary we ýag filtrlerini, goşmaça bezeg enjamlaryny, ýuwujy serişdeleri, antifrizleri hem-de awtoulaglary bejermek üçin niýetlenen gurallary satyn almak bolar. Yzygiderli arzanlaşyklar dowam edýär.

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlaryň hyzmat nokatlarynda awtoulag sürüjilerine awtoulagyň kemçiligini anyklamak we ony bejermek üçin hyzmatlaryň giň toplumy ýerine ýetirilýär. Olaryň hatarynda awtoulagyň ýagyny çalyşmak, howa we ýag süzgüçlerini çalyşmak, tekerleri çalyşmak, tekerleri balansirowka etmek, tekerlerine ýel bermek, awtoulag razwal etmek, ýuwmak we beýlekiler bar.

Aşgabat şäherinde şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda «Awtoýoly» nyşanyny göterýän birnäçe söwda dükanlary hereket edýär. Şeýle hem alyjylara amatly söwda şertlerini döretmek maksady bilen, www.awtoyoly.com.tm internet-dükanynyň işi ýola goýuldy. Bu ýerde alyjylar uzak aralykdan islendik harydy onlaýn sargyt arkaly satyn alyp bilerler.

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlarynda hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary hilliligi, harytlaryň köp görnüşliligi hem-de elýeterliligi bu dükanlaryň ýurdumyzyň awtoulag sürüjileriniň arasynda meşhur bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, kärhana tarapyndan müşderileri awtoulagyň ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmek üçin öndürijiler bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Gmy ( 27.05.2021 )

Чуть пунктуацию надо подтянуть редактору

0