Soňky habarlar

Arhiw

Awtoýoly kärhanasy raýatlara köp ugurly hyzmatlaryny hödürleýär

13:0829.04.2021
0
5637

Awtoýoly kompaniýasy indi ençeme ýyldan bäri köpugurly hyzmatlary, ýagny awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary we beýleki harytlary bilen müşderileriň arasynda giňden tanalýar. Bu kompaniýanyň Aşgabat şäheriniň köp ýerlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän dükanlary we hyzmat ediş nokatlary awtoulag sürüjileriň ösen isleglerini berjaý etmäge gönükdirilendir.

Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Awtoýoly kompaniýasynyň awtoyoly.com.tm onlaýn dükanyndan söwda etmek mümkinçiligi ýola goýlan, şeýle hem müşderileriň aňsat arabaglanyşyk gurmaklary göz öňünde tutulyp, IOS, Android ulgamly el telefonlary üçin ýörite programma işlenip düzülipdir.

Awtoýoly kompaniýasynyň hyzmat ediş nokatlarynda sürüjileriň awtoulaglaryny giňişleýin diagnostika etmek, ýagyny çalyşmak, tekerlerini, diskalaryny çalyşmak, tekerlerine ýel bermek, tekeraralarynyň deňagramlygyny düzmek, awtoulagy ýuwmak ýaly onlarça hyzmatlar göwnejaý şekilde ýola goýlan.

Awtoulag eýeleriniň, umuman awtoulag söýüjileriň giň köpçüliginiň arasynda giňden tanalýan kompaniýa awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki zerur bolan harytlary çykarmak boýunça dünýä ýüzünde iň tanymal-meşhur, atlary brend derejesine göterilen haryt öndüriji kompaniýalar bilen köpügurly söwda gatnaşyklaryny ýola goýup, bu ugurda öňdeligi elden bermeýär.

Ýylyň birinji ýarymynda kompaniýanyň dükanlarynda dünýäde meşhur bolan Ýigitakü, Mutlu akkumulýatorlary, Fil Filtr süzgüçleri, Michelin, Hankook tekerleri, Mobil Super, Mobil-1 ýaglary iň köp satylan harytlaryň sanawyna girdi.

Ýaňy ýakynda kompaniýanyň dükanlaryna awtoşaýlaryň täze tapgyry gelip gowuşdy. Kompaniýanyň paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky dükanlarynda, awtoserwislerinde awtoulag eýeleriniň dykgatyna hödürlenýän akkumulýatorlaryň Varta, Rigel ýaly, tekerleriň Hankook, Westalke, ýaly görnüşleri, Mobil Super, Mobil-1 nyşanly ýaglar we beýleki ätiýaçlyk şaýlary hem-de gerekli enjamlar awtoulaglaryň kemçiliksiz, saz ýöremeginiň kepilidir.

Sürüjileriň ünsüni çekjek ýene bir habar, şu aýyň ahyryna çenli awtoyoly.com.tm onlaýn dükanynda awtomobil tekerleriniň ähli görnüşini, akkumulýatorlarda we beýleki ätiýaçlyk şaýlaryny arzanladyş yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň