Soňky habarlar

Arhiw

Sürüjilere motor ýagy bilen bagly maslahatlar

0
57501

Awtoulagyň ýagynyň wagtly-wagtynda çalşylmagy onuň hereketlendirijisiniň uzak wagtlap sazlaşykly işlemegini üpjün edýär. Awtoulagyň ýagyny ortaça her 8000 kilometrden ýa-da 5000 milden çalşyp durmak maslahat berilýär. Sebäbi ýagyň düzümindäki peýdaly goşundy bolan prisadkalar öz güýjüni ýitirse, hereketlendirijiniň içki diwarynda sürtülme güýçlenýär we uglerod ýataklary emele gelýär. Eýsem, haýsy ýag haýsy awtoulaga has täsirli bolar?

Ýaglaryň 3 görnüşi bar. Olar sintetiki, ýarym sintetiki we mineral ýaglardyr.

Täze awtoulaglara hereketlendirijiniň içini arassa saklamak maksady bilen, sintetiki ýaglary, 100 000 kilometr geçen awtoulaglara hereketlendirijiniň diwarlaryny gorap saklamak üçin ýarym sintetiki ýaglary, has köp ýol geçen awtoulaglara az mukdarda hem bolsa, zeper ýeten hereketlendirijiniň diwarlaryny dikeltmek üçin mineral ýaglary guýmak maslahat berilýär. Awtoulag öndürijileriň köpüsi hereketlendirijiniň gapagynda ulanmak maslahat berilýän goýulykdaky ýag baradaky maglumatlary ýazýarlar.

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlar “Mobile 1” ýaglaryny awtoulag sürüjilerine hödürleýär.

“Mobile 1” hereketlendiriji ýaglary bu pudagyň öňdebaryjylaryndan biridir. Bu ýaglar  iň köptaraply, döwrebap hem-de meşhur bolmak bilen, onuň deňagramly kompozisiýasy, iň soňky goşundylar bilen üpjün edilen ajaýyp iş öndürijiligi bardyr. Siz bu ýaglary ulanyp, awtoulagyňyzyň hereketlendirijisini iň ýokary derejede gorap bilersiňiz. Dünýäde öndürilýän ulag ýaglaryna ýörite hil güwänamalaryny berýän API, ACEA, ILSAC ýaly abraýly jemgyýetleriň hem «Mobile 1» ýaglarynyň ýokary hil derejesine güwä geçýän rugsatnamasy bardyr.

Kärhananyň hyzmat merkezlerinde müşderilere awtoulag ýaglaryny öndüriji meşhur haryt nyşanly kärhanalaryň önümlerini, ýaglaryň görnüşlerini we SAE boýunça ýaglaryň klassifikasiýasyny saýlamaga mümkinçilik berilýär. 

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlar we hyzmatlar merkeziniň hünärmenleri bu ugurda öz ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýärler.

Awtoulag ýaglaryny kärhananyň web saýty arkaly hem satyn almak bolýar.

Her bir sürüjä mälim bolşy ýaly, awtoulagyň ýagynyň wagtynda çalşylmagy onuň hereketlendirijisiniň hyzmat ediş möhletini uzaldýar, işjeňligini we tygşytlylygyny gorap saklaýar. 

Awtoulag ýagyny satyn almak we çalyşmak hyzmatyndan peýdalanmak üçin şu hyzmat merkezlerine ýüz tutup bilersiňiz:

 

Doly maglumat almak üçin

ş. Aşgabat:

  • G.Kulyýew köçesi, jaý 78; (+993 12) 75-40-09;
  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi, Parahat 3 ÝJT-niň garşysy, (+993 12) 45-48-16;
  • "Berkarar" SDAM, (+993 12) 46-91-02;
  • “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” Söwda merkezi, (+993 12) 42-30-30.

Lebap welaýaty:

  • (+993 422) 2-97-01.

Mary welaýaty: 

  • (+993 522) 5-69-82.

Daşoguz welaýaty: 

  • (+993 322) 6-19-19.

Balkan welaýaty:

  • (+993 222) 7-00-73.

Web sahypasy: awtoyoly.com.tm  

Telefon: (+993 65) 17-87-75.

 

 

Şeýle-de okaň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar