Indiden beýläk sürüjiler “Awtoýoly” saýtynda awtoulag üçin niýetlenilen gurallary satyn alyp bilerler.
Saýtda gurallaryň dürli görnüşleri, şol sanda iň ýönekeý açarlardan başlap, kompressorlara we generatorlara çenli ilata ýetirilýär. Şeýle hem gurallaryň dürli görnüşleri we ölçegleri, ýekelikde we umumy toplumlary bardyr. Bu ýerde her bir sürüji özüne laýyk gurallary satyn alyp biler. Saýtda ähli gurallar söwda belgisi, öndürilen ýurdy we bahasy bilen görkezilendir.
Sargyt etmegiň ýeňilligi we harytlary eltip bermek hyzmatynyň barlygy “Awtoýoly” hyzmatlar merkezini tapawutlandyrýan aýratynlykdyr. “Awtoýoly” öwrenje hem-de ussat sürüjiler üçin islendik wagt gerekli boljak ygtybarly gurallary hödürleýär.
“Awtoýoly” haryt-nyşany barlagdan geçirilen harytlary we ýokary hilli hyzmatlary ilata hödürlemek bilen bireýýämden bäri ýokary ynama eýe boldy.
Bu ýerde ýerleşdirilen harytlar bilen şu salga basyp tanşyp bolar.
Şeýle-de okaň:
- Näme üçin tomus paslynda teker basyşyna gözegçilik etmek möhüm
- Sürüjilere motor ýagy bilen bagly maslahatlar
- “Awtoýoly” awtoulag kondisionerlerine freon guýmak hyzmatyny hödürleýär
- Awtoýoly kärhanasy raýatlara köp ugurly hyzmatlaryny hödürleýär