Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şwesiýada siňekleri öý haýwany diýip ykrar etmekçi bolýarlar

13:4521.03.2025
0
19884
Şwesiýada siňekleri öý haýwany diýip ykrar etmekçi bolýarlar
Surat: Kp.ru

Şwesiýanyň häkimiýetleri hajjyk we gurbaga saklaýan adamlara olary diri siňekler bilen iýmitlendirmegi gadagan etmegi teklip etdiler. Bu barada ýurduň oba hojalyk döwlet edarasyna salgylanýan «Svenska Dagbladet» gazeti habar berdi.

Siňekler barada şeýle alada olaryň iýilýän wagty ejir çekýändigini subut edýän ylmy barlagyň maglumatlaryna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, bu mör-möjekleri haýwanlary goramak barada kanuna girizmek isleýärler diýip, «rg.ru» ýazýar.

Şwesiýada şeýle-de öý pyşbagalaryny suwa düşürmegi, kapasada homýaklar üçin ylgaw tigirlerini gurnamagy gadagan etmekçi bolýarlar.

Ýurduň ady getirilen gazetiniň geçiren pikirsoraşmasynyň jemlerine görä, raýatlar bu başlangyja şübheli garaýarlar. Olaryň pikirine görä, bu düzgünler gümürtik ylmy barlaglara aýak diremek bilen, howaýy görünýär. Galyberse-de, öý haýwanlaryna ideg etmegi çylşyrymlaşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň