Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şahruh Han kino dolanýar

20:2222.08.2021
0
2151

Meşhur hindi kino ýyldyzy Şahruh Han iki ýyllyk arakesmeden soňra kino gaýdyp gelýär. Bolliwudyň iň meşhur aktýory ”Pathan” atly dartgynly ýordumly filmde baş keşbi janlandyrar, onuň bilen filmde aktrisa Dipika Padukone hem çykyş eder.

Öň olar “Om Şanti Om”, “Täze ýylyňyz bilen” we “Çennaýyň tiz otlusy” atly filmlerde bile surata düşüpdiler.

Şahruh Han uzaga çeken döredijilik arakesmesiniň esasy sebäbini özüne göwnünden turýan ssenariniň teklip edilmändigi bilen baglaýardy.

“Häzirki wagtda aktýorlar filmiň surata alnyş işlerine işjeň taýýarlyk görýärler, “Pathan”tomaşaçylar üçin oňat sowgat bolar” diýip, hindi kino resurslary habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň