Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze dokma toplumynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

23:4020.08.2021
0
6445

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini habar berdi. Kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 täze iş orny dörediler, öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bolsa ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşy üçin hemme zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýän zawodlaryňdyr fabrikleriň gurulýandygyny hem-de ulanylyşa girizilýändigini, şolarda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilýändigini nygtady.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, onuň eksport mümkinçiligini has-da ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açyljak dokma toplumy munuň mysallarynyň biridir.

Önümçilige netijeli innowasiýalary ornaşdyrmak işinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi, dünýä ylmynyň gazananlarynyň, iň kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen dizaýnerleri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümlere degişli isleglerinden ugur alyp, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyrlar hem-de önümçilige girizmelidirler diýip, milletiň Lideri belledi we wise-premýere dabarany ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň