Şu ýyl Türkmenistandan Russiýa 23 tonnadan gowrak garpyz satyldy

13:4824.07.2021
0
8494
Şu ýyl Türkmenistandan Russiýa 23 tonnadan gowrak garpyz satyldy

Krasnodar ülkesindäki port arkaly Türkmenistandan Russiýa 23,2 tonna garpyz eksport edildi. Bu barada «kommersant.ru» habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, Russiýa Türkmenistandan başga-da, şu ýyl Türkiýeden 11,1, Müsürden 108,9 tonna garpyz import etdi.

Şeýle hem Russiýa şu ýyl Türkiýeden 1,7, Müsürden 14 tonna gawun satyn aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň