Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝB bilen Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

14:3021.11.2024
0
18220

20-nji noýabrda Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça ÝB-niň Utgaşdyryjy platformasynyň çäklerinde onlaýn-seminar geçirildi. Çäre Türkmenistanyň, Ýewropa birleşiginiň döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň we daşary ýurt ilçihanalarynyň wekillerini bir ýere ýygnady.

Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Brýussel şäherindäki Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdy.

ÝB tarapyndan çäräni Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktory (DG INTPA), Aziýa ösüş banky (AÖB) we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) ýaly halkara maliýe institutlary, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi we Aşgabatdaky beýleki diplomatik wekilhanalaryň wekilleri goldadylar.

Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktorynyň baş maslahatçysy Genrik Hololeý giriş sözi bilen çykyş etdi.

Onlaýn-seminaryň esasy maksady Türkmenistanyň ileri tutýan ulag taslamalaryny we olary halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Gatnaşyjylar Hazarüsti geçelgesiniň üstaşyr geçirmek kuwwatynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky aragatnaşygy pugtalandyrmak üçin ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň zerurdygyna üns berdiler.

Bu seminar ozal Aşgabatda 3 oktýabrda badalga alan başlangyjyň dowamy boldy, şonda Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça Utgaşdyryjy platformanyň ýokary derejedäki resmi işe başlamasyna badalga berlipdi. Bu platforma Merkezi Aziýa ýurtlary bilen halkara maliýe institutlarynyň, şeýle-de ÝB-niň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklara ýardam etmek, şeýle-de geçelgäniň işini ilerletmek we Merkezi Aziýadaky berk we ýumşak infrastruktura ulgamlaryndaky ileri tutulýan taslamalary amala aşyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin döredilipdi.

Seminara gatnaşyjylar şu esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar:

• Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasyny, aýratyn-da Türkmenabat – Türkmenbaşy ugruny, täze ýollary gurmaga we ýük üstaşyr gatnawa sarp edilýän wagty gysgaltmaga gönükdirilip, döwrebaplaşdyrmak
• Elektron maglumat toplamak we gözegçilik ulgamlary ýaly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak.
• Ulag we gümrük amallaryny optimizirlemek üçin birlikdäki logistik portalyny döretmek.
• AÖB, ÝTÖB we Ýewropa Maýa goýum banky ýaly maliýe institutlarynyň goldawy bilen taslamalary amala aşyrmak üçin halkara maliýeleşdirmegini we tehniki kömegini çekmek.

Gatnaşyjylar ähli tarapyň maglumat alyşmagyny we tagallalaryny utgaşdyrmagyň möhümdigini belläp geçdiler. Aýratyn üns taslamanyň konsepsiýalaryny işläp taýýarlamaga we olary mümkin bolan maýa goýumçylara tanyşdyrmaga berildi. ÝB wekilleri tehniki we maslahat kömegini, şol sanda goşmaça barlaglary we ýol kartalaryny taýýarlamaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Onlaýn-maslahatlaşma Türkmenistan bilen ÝB-niň ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygynyň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň