Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2020-niň final duşuşygyna uçýan garynjalar çozup biler

16:0511.07.2021
0
4540

Futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň final duşuşygynyň geçiriljek ýerinde ― London şäherindäki «Uembli» stadionynda duşuşygyň dowam edýän wagtynda millionlarça uçýan garynjanyň bolmagyna garaşylýar. «Sport-express.ru»-nyň habaryna görä, mör-möjekler meteorologiýa gullugynyň radarlary tarapyndan hasaba alyndy.

Uçýan garynjalaryň Londonyň köp bölegine, şol sanda final duşuşygyna hem «myhman bolmagyna» garaşylýar.

Ýewro ― 2020-niň aýgytlaýjy duşuşygynyň 11-nji iýulda Italiýanyň we Angliýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň