Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2100-den gowrak kombaýn galla oragyna gatnaşýar

11:2416.06.2021
0
3147
Türkmenistanda 2100-den gowrak kombaýn galla oragyna gatnaşýar

Ýokary öndürijilikli galla ýygnaýjy tehnikalaryň 2100-den gowragy ýurdumyzyň atyzlarynda galla ýygymynda gije-gündiz ulanylýar. Eýýäm olaryň kömegi bilen 600 müň tonna golaý bugdaý ýygnaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Häzirki galla oragynda dünýä belli «John Deere», «CLAAS» kysymly kuwwatly tehnikalardan peýdalanylýar. Diňe 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyllar aralygynda «CLAAS» kysymly kombaýnlaryň müňe golaýy hojalyklara berildi. Bu kuwwatly enjamlar uzak ýyllar işledilmäge niýetlenendir. Olar beýleki däneli ekinleri ýygnamakda hem netiejli ulanylyp bilner. Ulgamlary kompýuter dolandyrýar.

Ýurduň atyzlarynda galla oragynda işleýänler üçin ähli şertler döredilen. Etraplarda döredilen abatlaýyş-sazlaýyş toparlary zerur nyzmatlary ýerine ýetirip, oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işini üpjün edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň