Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy
Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär.
Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär.
Geljek ýyllarda beýleki hünärler boýunça şu esasda okatmak hem-de instituty hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen täze okuw bölümlerini, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň ýanynda ýaş diplomatlaryň mekdebini, strategik barlaglar boýunça ylmy merkezini açmak, şeýle hem sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.