Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahýan bilen duşuşdy

13:3811.06.2021
0
8533
Serdar Berdimuhamedow Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahýan  bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýan wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowy BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahýan ministrligiň Abu-Dabidäki Baş kazyýet edarasynda kabul etdi. Bu barada BAE-niň habarlar gulluklary habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem dürli ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahýan we Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň koronawirus pandemiýasyna garşy bilelikdäki tagallalary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar we olaryň netijeleri, şeýle hem bilelikdäki hyzmatdaşlygyň umumy bähbitlerine laýyk gelýän geljekki ugurlary babatda gürrüň etdiler.

Duşuşyga iki tarapyň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Meňzeş habarlar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň