Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabiniň ösüş gaznasy Türkmenistandaky taslamalar üçin 99,91 million dollar bölüp berer

18:0310.06.2021
0
44105

Şu gün – 10-njy iýunda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş saparynda bolýan türkmen wekiliýeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen bagly umumy bahasy 99,91 million dollarlyk maýa goýum Ähtnamalaryna gol çekişdiler. Bu barada Trade Arabia habar berilýär.

Resminamalara laýyklykda, Jebelde (Balkan welaýatynda) sagatda 100 ýolagçy kabul etmäge mümkinçiligi bolan howa menzilini we bahasy 25 million dollara deň bolan alternatiw energiýa taslamasynyň maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Möhüm resminamalara Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň baş müdiri Muhammet Saif Al Suwaidi tarapyndan gol çekildi. Gol çekişlik dabarasyna wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow we iki ýurduň degişli wekilleri gatnaşdylar.

«Türkmenportal» türkmen wekiliýetiniň Dubaý şäherinde iş saparynda bolýandygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň