Türkmenistanyň Prezidenti elektrik energiýasyny ulanmagyň tygşytly düzgünini üpjün etmegi tabşyrdy

23:4704.06.2021
0
11361

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow sowadyjy enjamlary ulanmak üçin elektrik energiýasynyň artykmaç sarp edilmegini azaltmaly, köçeleri yşyklandyrmagyň, dürli mahabatlary görkezmegiň tygşytly düzgünini üpjün etmeli diýip belledi.

Elektrik energetikasy boýunça içerki we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilişine, ozalkysy ýaly, aýratyn üns berilmelidir. Şunda elektrik energiýasynyň önümçilik we eksport möçberleri, ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwaty artdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň