Arhiw

FIFA-nyň KHDR-nyň milli ýygyndysy barada kabul eden karary Türkmenistanyň ýygyndysyna-da täsirini ýetirdi

16:5427.05.2021
0
8493
FIFA-nyň KHDR-nyň milli ýygyndysy barada kabul eden karary Türkmenistanyň ýygyndysyna-da täsirini ýetirdi

Şu gün FIFA Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa yklymy boýunça saýlama duşuşyklary bilen bagly möhüm bir karara geldi. Bu kararyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem wekilçilik edýän «H» toparçasy bilen bagly bolmagy türkmen janköýerleri üçin örän gyzyklydyr.

Şol bir wagtyň özünde-de karar milli ýygyndymyzyň janköýerlerini gynandyrdy.

Karara görä, FIFA ýaňy-ýakynda ýaryşdan çekilen Koreýa Halk demokratik Respublikasynyň milli ýygyndysynyň bu ýaryşda ozal toplan ähli utuklaryny aýyrdy. Şol bir wagtyň özünde «H» toparçanyň beýleki wekilleriniň hem KHDR bilen geçiren duşuşyklarynda gazanan utuklary aýryldy. Şeýlelikde, ozal 9 utuk bilen toparçanyň başyny çeken Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň utugy 6-a düşdi. Bu bolsa milli ýygyndymyzyň toparçada üçünji orna çenli düşmegine sebäp boldy.

Edil häzirki ýagdaýda indi toparçanyň başyny çekýän Koreýa Respublikasynda 7, Liwanda 7, biziň ýygyndymyzda bolsa 6 utuk bar.

Bu ýagdaý öňümizdäki aýda Koreýa Respublikasynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek duşuşyklarda türkmen futbolçylarynyň öňündäki jogapkärçiligi has-da artdyrýar. Çünki olar Koreýada iki duşuşyk geçirerler, olaryň ikisi hem toparçanyň öňdebaryjylary bilen bolar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy öňdäki duşuşyklaryň ikisinde-de ýeňiş gazanyp bilse, dünýä çempionatyna çykmak ugrundaky ýoluny üstünlikli dowam etdirip biler. Eger milli ýygyndymyz şol duşuşyklaryň diňe birinde ýeňiş gazanyp bilse, ýene-de toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasynda Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň indiki ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk alyp biler. Ýöne milli ýygyndymyz häzirki ýaly toparçany üçünji orunda tamamlasa, onda olar Dünýä çempionatyndan umydyny bütinleý üzüp, ýaryşy Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynda dowam etdirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň