Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Özbegistanyň ýygyndysy bilen resmi däl ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Daşkent şäherinde geçirilen duşuşyk özbek ýygyndysynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Resmi däl hem bolsa, bu duşuşyk türkmen futbolçylary üçin möhüm ähmiýete eýedir. Çünki milli ýygyndymyz ýene-de sanlyja günlerden Dünýä çempionatynyň yklymlaýyn saýlama ýaryşyna gatnaşar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu ýaryşa gatnaşmak üçin Koreýa Respiblikasynyň Koýan şäherine-de Özbegistandan ugramagyna garaşylýar. Türkmen futbolçylarynyň 5-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň, 9-njy iýunda Liwanyň ýygyndylary bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys.