Arhiw

Karton «Lamborghini» 10 420 dollara satyldy

13:4426.05.2021
0
4455

«Gazeta.ru» neşiri «Dailymail»-e salgylanyp, meşhur «YouTube» blogçysy Dewid Jonsyň kartondan «Lamborghini» awtoulagynyň soňky modelini ýasap, 10 müň 420 dollara satandygyny habar berdi.Ol satuwdan gelen ähli serişdäni «Starship» çagalar hassahanasyna berdi. Blogçynyň pikirine görä, «Lamborghini»-niň karton görnüşini döretmek üçin, takmynan, iki ýarym hepde gerek boldy. Jons onuň 5,6 esse ulaldylan kiçi kagyz modeline esaslandy.

Karton «Lamborghini» satylandan soň, Jons puly näme sarp etjekdigi baradaky karara dessine geldi. Çünki onuň özi heniz 14 ýaşyndaka «Starship» hassahanasynda howply täze döremä garşy bejergi alypdy.
― Olar örän ýumşak adamlardy we, hakykatdanam, meni haýran galdyrýardylar. Şonuň üçin kelläme başga haýyr-sahawt pikiri gelmedi ― diýip, ol gelen karary barada gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň