Türkmenistanly işewürler Slowakiýanyň Hyzmatdaşlyk biržasyna gatnaşmaga çagyrylýar

17:5927.04.2021
0
4481

Slowakiýanyň SARIO maýa goýum we söwda ösüş gullugy Türkmenistanyň gyzyklanma bildiren taraplaryny 25 ― 26-njy maý günlerinde onlaýn görnüşinde geçiriljek Slowakiýa Hyzmatdaşlyk biržasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Biržanyň işi iňlis dilinde alnyp barlar.

Gatnaşmak üçin 2021-nji ýylyň 8-nji maýyndan öň matchmakingfair2021online.sario.sk web sahypasynda hasaba alynmaly .

Gatnaşmak tölegli: 50 ýewro.

Birža barada resmi saýtda doly maglumat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň