Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgen suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

16:4817.04.2021
0
4475
Türkmenistanly türgen suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndysynyň nobatdaky wekili Musa jalaýew Daşkentde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda bürünç medal gazandy diýip, ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

800 metr aralyga ýüzmek boýunça ýaryşa gatnaşan 17 ýaşly ildeşimiz bu aralygy 9 minut 19,15 sekuntda geçip, pellehana üçünji bolup geldi.

Şeýlelikde, şu güne çenli türkmen türgenleri bu ýaryşda 5 medal gazandylar. Olaryň 2-si altyn, 2-si kümüş, biri bolsa bürünç medaldyr.

Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanyň açyk çempionatyna gatnaşýan 161 türgeniň 21-si daşary ýurtlulardyr. Olaryň üçüsi Türkmenistana wekilçilik edýärler. Ýaryşyň netijesi Olimpiýa oýunlaryna we öňde boljak dünýä çempionatlaryna gatnaşmaga täsirini ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň