Soňky habarlar

Arhiw

Wezirgeldi Ylýasow «Altyn asyryň» düzümine goşuldy

17:3012.04.2021
0
3189

Geçen möwsümi Özbegistanyň «Kyzylkum» futbol toparynda geçiren ýarym goragçy Wezirgeldi Ylýasow bu ýyl «Altyn asyr» futbol topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

1992-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gumdag şäherinde dünýä inen futbolçy ýurdumyzda «Ýedigen», «Ahal» ýaly toparlarda çykyş edensoň, geçen ýyl ilkinji gezek daşary ýurt tejribesini başdan geçirdi we Özbegistanyň «Kyzylkum» futbol toparyna goşuldy. Geçen ýyl Özbegistanyň Superligasynda 7 duşuşyga gatnaşan ýarym goragçy olarda 409 minut meýdanda boldy. Özbek eminleri türkmenistanly ýarym goragça iki gezek sary duýduryş kartasyny görkezdiler.

Wezirgeldi Ylýasow 2018-nji we 2019-njy ýyllarda «Ahalyň» düzüminde AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda, Aşgabatda Şri-Lankanyň ýygyndysyna garşy geçiren ýarym goragçy bu duşuşyga başdan-aýaga doly gatnaşdy. Ýakynda habar berşimiz ýaly, ol ýakynda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Muhadowyň geçiren iki günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem çagyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň