Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň möhletini uzaldýar

18:3101.04.2021
0
82429
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň möhletini uzaldýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmäni ýene-de uzaltmak kararyna geldi. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasy habar berýär. Köpçülikleýin ýaýradylan press-relizde halkara howa gatnawynyň heniz dikeldilmänidigi, uçuşlar üçin satyn alnan petekleriň 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli güýjüniň bardygy bellenilýär.

Ýolagçylar ýatyrylan uçuşlar üçin bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we alyş-çalyş üçin petek satyn alnan ýer bilen habarlaşmaly.

Türkmen howa ýollarynyň uçarlarynyň COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli bir ýyl bäri halkara uçuşlary amala aşyrmaýar.

«Türkmenportal» golaýda paýtagt bilen ýurduň sebitleriniň arasynda awtobus we demir ýol gatnawlary Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Daşoguz we tersine ugurlar boýunça Türkmenistanda gaýtadan ýola goýlandygy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň