Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun rus çempionatynyň bombardirlik ýaryşynda birinji orna çykdy

09:1709.03.2021
0
5264

Russiýanyň çempionatynda «Rubin» bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanan «Zenidiň» hüjümçisi Serdar Azmun iň netijeli futbolçylaryň ýaryşynda birinji orna çykdy.

Duşuşygyň 75-nji minudynda tapawutlanan eýranly türkmen, şeýlelikde, möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny 12-ä çykardy. Onuň topardaşy Artýom Dzýubanyň hasabynda bolsa 11 gol bar.

Çempionatyň 21-nji tapgyrynyň çäginde «Zenit» Kazandaky «Ak Bars Arenada» ýerli «Rubinden» 1:2 hasabynda utuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň