Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine 9-njy martda badalga berler

12:3421.02.2021
0
3178
Özbegistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine 9-njy martda badalga berler

9-njy martda Özbegistanyň futbol çempionatynyň Superligasynda täze möwsüme badalga berler. Bu barada ýurduň PFL-siniň resmi saýtynda habar berildi.

Bu möwsüm çempionatyň ýubileý ― 30-njy möwsümi bolar. Ýurduň futbol çempionaty 1992-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär.

Superliganyň çempionlygy ugrunda 14 topar göreşer. Jemi 26 tapgyrdan ybarat boljak möwsümiň birinji aýlawy baharda başlasa, ikinji aýlawynyň aglaba duşuşyklary güýzde geçiriler.

Özbegistanyň birinji derejeli çempionatynda bu ýyl diňe bir ildeşimiz ― Arslanmyrat Amanow çykyş eder. Onuň wekilçilik edýän «Sogdiana» futbol topary täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyny «Nawbahor» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň