Arhiw

Aşgabatda TFF-niň eminleriniň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygy geçiriler

12:0118.02.2021
0
3778

22-njy fewral bilen 2-nji mart aralygynda paýtagtymyzda TFF-niň eminleriniň gatnaşmagynda täze möwsümiň öňüsyrasy ýörite okuw türgenleşik ýygnanyşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň çempionatydyr, ýaşlar birinjiliginiň hem-de Kubogy ugrundaky ýaryşda eminlik edýän ýerli eminlerimiziň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygynyň gözükdirijisi hökmünde ýerli hünärmenler, AFK-nyň gözükdirijisi Allabergen Sapaýew, Wadim Baratow hem-de Maksat Seýitgulyýew çykyş ederler.

Okuw ýygnanyşygynyň dowamynda gatnaşyjylar nazaryýetdir tejribe sapaklaryna gatnaşarlar. Okuwyň yzysüresi eminler FIFA-nyň düzgünnamasyna laýyk gelýän ýörite synaglardan geçerler.

Türkmen eminleri okuw-türgenleşigiň dowamynda Milli ligamyzyň toparlarynyň arasynda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklaryna hem eminlik ederler.

Ýeri gelende bellesek, 19-21-nji fewralda gözegçi eminleriň gatnaşmagynda hem ýörite seminar geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň