Oba milli maksatnamasynyň çäginde Lebap welaýatynda amala aşyrylan işler

16:1411.02.2021
0
7213

Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde Lebap welaýatynda dürli gurluşyklaryň köp sanlysy amala aşyryldy. «Türkmen gündogary» gazeti bu barada ýörite makalada habar berýär.

Makalada hem görkezilişi ýaly, şol ýyldan bäri welaýatda

hassahanalaryň 11-si,
saglyk öýleriniň we saglyk merkezleriniň 38-si,
mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 68-si,
orta mekdepleriň 38-si,
medeniýet öýleriniň 17-si,
sport mekdepleriniň we sport desgalarynyň 48-si;
suw arassalaýjy desgalaryň 6-sy,
lagym arassalaýjy desgalaryň 2-si gurlup, ulanylmaga berildi.

Bulardan başga-da:

agyz suwuny geçirijleriň 1336,1 kilometri,
lagym geçirijileriň 181,9 kilometri,
gaz geçirijileriň 3132,3 kilometri,
elektrik geçirijileriň 3528,3 kilometri,
telefon ulgamynyň 8245,9 kilometri çekildi.
Gürrüňi edilýän döwrüň dowamynda telefon belgileri 187908 sany, el telefonlary bolsa 1440611 sany artdy.

Oba milli maksatnamasynyň çäginde sebitde geçen ýyllarda döwletiň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň 209,2 müň inedördül metri, hususy eýeçiligiň hasabyna bolsa 2 million inedördül metrden gowragy guruldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň