Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sport desgalaryny netijeli dolandyrmak boýunça goşmaça işler geçiriler

23:4908.02.2021
0
6310

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowa ýurtdaky sport desgalaryny netijeli dolandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, sport mekdepleri bilen utgaşykly işlemek, sport desgalarynda tölegli esasda okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak, olary uzak möhletleýin kärendä bermek boýunça degişli işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şeçle hem milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ýaşlary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta has giňden çekmeli. Çagalar sportuny ösdürmegi hem netijeli dowam etmeli.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiýa oýunlaryna, şol sanda onuň gyşky görnüşlerine, dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlara ýokary taýýarlykly gatnaşmaklaryny hem-de baýrakly orunlary eýelemeklerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekildi. Şu maksat bilen, ministrligiň ýolbaşçysyna sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamaga guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň