Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Dokma senagaty ministrliginiň işine nägilelik bildirdi

10:0506.02.2021
0
14328

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň 60-sy hereket edýär. 2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda öndürilen önümleriň ösüşi 107,4 göterime barabar boldy. Bular barada ýurduň söwda toplumynyň işine bagyşlanan iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine habar berildi.

Önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge pagta egriji kärhanalarynda döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Şu ýylda Tagtabazar pagta egriji kärhanasynda döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmek, Daşoguzyň “Serdar” pagta egriji fabriginde hem-de Baýramaly dokma toplumynda täze önümçilikleri döretmek we kuwwatlyklary artdyrmak boýunça işler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Gypjak we Gökdepe dokma toplumlaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň işinde ýol berilýän kemçiliklere nägilelik bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi esasy işleriň hatarynda görkezip, ministre olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurtlarda has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat-maglumat goldawy zerurdyr.

Milletiň Lideri önümleriň hilini ýokarlandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, ministre anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň