Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew dünýäniň iň güýçli 30 tälimçisiniň arasynda görkezildi

15:2931.01.2021
0
18679

«Clubelo» analitik portaly  dünýäniň iň gowy tälimçileriniň reýtingini düzdi. Hasaplamalarda amerikaly fizik Arpad Elo tarapyndan işlenip düzülen çylşyrymly «Elo» reýting algoritmi ulanyldy.

Sanawda birinji orny «Mançester Siti» toparynyň häzirki tälimçisi, ispaniýaly hünärmen Hosep Guardiola (2173 utuk) eýeledi. Ikinji orunda «Atletikonyň» argentinaly baş tälimçisi Diego Simeone (2070 utuk) bar. «Tottenhamyň» baş tälimçisi, portugaliýaly hünärmen Joseoze Mourinýu ilkinji üçlügi jemledi.

Reýtingiň ilkinji 30 basgançagynda türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew hem bar. Ol 1858 utuk bilen 27-nji orny eýeläpdir.

68 ýaşly Gurban Berdiýew 2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Russiýanyň «Rubin» futbol topary bilen hoşlaşansoň, heniz başga topar bilen işleşenok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň