Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşlar üçin resminamalary tabşyrmagyň tertibine üýtgetmeleri girizdi.

08:0031.01.2021
0
69186

2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýa amala aşyrylýan ýörite uçuşlar üçin resminamalary tabşyrmagyň tertibine üýtgetmeleri girizdi.

Bellenilen seneden başlap, degişli anketalar ilçihananyň konsullyk bölüminde raýatlaryň şahsy ýüz tutmalary bilen deslapky ýazylmak arkaly ýa-da notarial tertipde resmileşdirilen ynanç hatynyň esasynda amala aşyrylar.

Russiýanyň ilçihanasynyň  habar bermegine görä, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli tabşyrylan resminamalar öňki tertipde seljeriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň