Zenan smartfondan ýüz öwürmek boýunça bäsleşikde ummasyz pul gazandy. Bu barada «WCCFtech» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Hytaýda elektronika harytlary dükanynyň eýesi on sany ötegçä sekiz sagatlap eltelefonyny ellememese, 10 müň ýuan baýrak berjekdigini aýtdy. Şeýle hem ýaryşa gatnaşyjylara 7 sagadyň dowamynda uklamak gadagan edildi.
Ýaryşda adyny gizlin galdyrmak islän zenan ýeňiş gazandy. Ol dükanda geçiren sekiz sagadynyň dowamynda ýeke gezegem gajetine el degirmedi hem-de söz berlen pul sylagyny aldy.
«WCCFtech» portalynyň ýazmagyna görä, bu bäsleşik smartfonlaryň adamlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolandygyny görkezýär. Häzirki zaman enjamlary köp meseleleri çözmäge ýardam etse-de, adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiri hem bar. Hatda günde bir sagat eltelefonyndan ýüz öwürmek adamda howsalanyň derejesini peseldip we durmuşdan kanagatlanmany ýokarlandyryp bilýär.