Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherindäki desgalaryň birnäçesi hususylaşdyryldy

09:2823.01.2021
0
26613
Aşgabat şäherindäki desgalaryň birnäçesi hususylaşdyryldy

Aşgabat şäherinde ýerleşýän, döwletiň garamagyndaky söwda dükanlarynyň birnäçesi, bir restoran we söwda öýi hususylaşdyryldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwardaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Hökümet mejlisinde bu Kararyň taslamasyny wise-premýer G.Müşşikow hödürledi. Onuň hasabatynda döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milletiň Lideri bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir kärhanalary hususylaşdymak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň