Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn sähra» kärhanasynda 2020-nji ýylda 20 million manatdan gowrak önüm öndürildi

12:3522.01.2021
0
4615

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklary Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň “Altyn sähra” gallaönümleri kärhanasynda-da üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurduň kuwwatly enjamlary oturdylan kärhanada işler 4 çalşykda alnyp barylýar. Bu ýerde işleriň sazlaşykly gurnalmagy iş öndürjiligini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Kärhanada geçen 2020-nji ýylda ýokary, birinji we ikinji hilli unuň 24 müň 374 tonnasy, kepegiň 7 müň 405 tonnasy, çörek we çörek önümleriniň 661 tonnasy öndürilipdir. Kärhana boýunça geçen 2020-nji ýylda öndürlen önümleriň pul hasabyndaky görkezijisi 20 million 124 müň 642 manatlyga barabar.

Bu ýerde ýylyň bütin dowamynda bugdaýlary ýokary hilli saklar ýaly elewatorlaryň 4-si hereket edýär. Azyklyk bugdaýyň jemi 112 tonnasy bu elewatorlaryň kömegi bilen aýawly saklanýar.

Kärhanada häzirki wagtda ýokary hilli unuň üç görnüşi öndürilip, onuň mukdary her günde 50-55 tonna ýetirilýär. Gündelik öndürilýän kepegiň mukdary bolsa 20 tonna ýetýar.

Oguzhan etrabynyň Parahat şäherçesinde ýerleşýan bu kärhananyň öndürýän un, çörek we çörek önümleri etrabyň ilatyna gündelik ýetirilip durulýär. Bu ýerde işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň