Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Japarowy Prezident saýlawynda ýeňiji diýip resmi taýdan yglan etdi

18:0021.01.2021
0
1937

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw topary  takmynan 7,9 göterim ses alan Sadyr Japarowy Prezident saýlawynda ýeňiji diýip resmi taýdan yglan etdi.

Gyrgyzystanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň başlygy Nurjan Şaildabekowa metbugat ýygnagynda: «Merkezi saýlaw topary irki Prezident saýlawlarynyň netijelerini kesgitledi we Sadyr Japarowyň saýlawçylardan 79,2 göterim ses alyp, ýeňiş gazandygyny yglan etdi.»  – diýip belledi.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Japarowyň kasam kabul ediş dabarasy 28-nji ýanwarda geçiriler.

10-njy ýanwarda Gyrgyzystanda Prezident saýlawlary geçirildi. Merkezi saýlaw komitetiniň habaryna görä, sesleriň 79,2 göterimini alan Sadyr Japarow saýlawlarda ýeňiş gazandy, onuň iň ýakyn bäsdeşi, Mejlisiň öňki başlygy Adahan Madumarow 6,7 göterim ses aldy. Üçünji bir dalaşgär Babyrjan Tolbaýew bolsa sesleriň 2,34 göterimini aldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň