Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda tennis boýunça halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy

12:3621.01.2021
0
1499

20-nji ýanwarda Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk Tennis toplumyna tarap ugrap, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny hem-de Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.

Bu ýaryşlara degişli institutyň talyplarynyň we ýurdumyzyň türgenleriniň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýillerini we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny nazara almak bilen, Olimpiýa şäherjiginiň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oňa häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak esasynda bu işleri kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Toplumyň tennis zaly häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Döwlet Baştutany bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bu ugurda ähli görkezijileriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Paýtagtymyzyň olimpiýa şäherjiginde tennis zalynyň mümkinçilikleri halkara ölçeglerine doly kybap gelýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Beýleki sport desgalarda bolşy ýaly, onuň taslamasy düzülende we gurlanda Halkarara Olimpiýa komitetiniň ähli tehniki kadalary doly göz öňünde tutuldy we ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutany bu ýerde dünýä derejesindkäi Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýlelikde, bu ýaryşlary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini geçirmek üçin hemme çäreler görülmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli waka öwrüler diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Aşgabatda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleriniň has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirip, döwlet Baştutany türkmen halkynyň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny belledi we türgenlerimiziň gazanjak üstünlikleriniň Türkmenistanyň Tuguny belentde pasyrdatjygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň