Soňky habarlar

Arhiw

AFK futzal boýunça Aziýa çempionatyny 2022-nji ýylda süýşürdi

23:0115.01.2021
0
2600
AFK futzal boýunça Aziýa çempionatyny 2022-nji ýylda süýşürdi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy şu ýylyň 23-nji marty ― 3-nji apreli aralygynda Kuweýtde geçirilmegi meýilleşdirilen futzal boýunça yklym ýaryşyny ýatyrmak kararyna geldi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem AFK bu ýaryşy 2022-nji ýyla süýşürdi, onuň geçiriljek ýeri ozalkysy ýaly Kuweýt bolar. Yklym ýaryşyna Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy hem gatnaşar.

Şu ýyl Tailandda meýilleşdirilen kenarýaka futboly boýunça Aziýa çempionaty bolsa 2023-nji ýylda Bongkokda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň