Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy we AFK-nyň kubogy üçin bijeler 27-nji ýanwarda çekiler

22:5115.01.2021
0
3089
AFK-nyň Çempionlar ligasy we AFK-nyň kubogy üçin bijeler 27-nji ýanwarda çekiler

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň we AFK-nyň kubogynyň 2021-nji ýyldaky möwsümi üçin bije çekilişik 27-nji ýanwarda bolar. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýty habar berýär.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar zolagynyň duşuşyklary 14 ― 30-njy aprel, Gündogar zolagyňkylar bolsa 21-nji aprel ― 7-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Şeýle hem AFK-nyň kubogynyň deslapky duşuşyklary 6 ― 7-nji aprelde bolar. Bu duşuşyklar bir oýundan ybarat bolar. 20 ― 21-nji aprelde bolsa pleý-of duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.

Merkezi zolakdaky toparçalaýyn duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşde 14 ― 20-nji maý aralygynda geçiriler. Duşuşyklar bir aýlaw görnüşinde bolar.

AFK-nyň Futbol konfederasiýasynyň geçen ýyly AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşyny ýatyrandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň