Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda wideoduşuşyk geçirildi

23:2812.01.2021
0
6865

12-nji ýanwarda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki gatnaşyklaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Daşary ýurt maýalaryny hem-de Diýarymyzyň telekeçilik ulgamynyň serişdelerini çekmek üçin ýurdumyzda döredilen amatly ýagdaýyň esasynda maýa goýum işini işjeňleşdirmek bu özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamyny ösdürmekde “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň