Lebap welaýatyndaky oba hojalyk tehnikalary we gurallary gowaça ekişine taýýarlanylýar

10:5612.01.2021
0
2737

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda öňde duran gowaça ekişine taýýarlyk görülýär ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazyşy ýaly, welaýatda şu döwre çenli bar bolan gowaça ekijileriň 325-si, kultiwatorlaryň 1094-si, dişli boronalaryň 7898-si, malalaryň hem 552-si doly abatlanylyp, taýýarlyk nyzamyna goýlupdyr.

Abatlaýjylar welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň düzümindäki bölümlerine degişli bolan, gowaça ekişinde işlediljek «CLAAS» kysymly traktorlaryň 300-e golaýyny abatlamagyň hötdesinden geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň