Soňky habarlar

Arhiw

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär

15:5411.01.2021
0
1853

Şu günler Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Bu barada «Rysgal» gazeti gurluşygyň potratyçysy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hydyr Gurbanowyň aýdanlaryna esaslanyp habar berýär.

Kuwwatly zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl ýyl gol çeken Karary bilen badalga berildi. Resminama laýyklykda, täze tapgyryň hem gurulmagy bilen, Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän kuwwatly zawod ýylda 2 million tonna çenli sement öndürip biler.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ony ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak bo­ýun­ça iş­le­re baş­la­dy. Şu gün­ler hem des­lap­ky gur­lu­şyk iş­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy, top­rak, be­ton iş­le­ri, eda­ra bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň