Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäherçesinde ýerleşýän «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti şu ýylyň ýazynda täze önümi ― süýji tagamly içgileri öndürmek meýilleşdirilýär ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.
Bu hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýyldan bäri alkogolsyz içgileriň dürli görnüşlerini öndürýär. Häzirki wagtda «Ýüpekçiniň» «Hoşal», «Buzz», «Ýunus», «Näzli», «7gen» haryt nyşanly miwe şireleridir sowuk çaýlary, şeýle-de «Bold» haryt nyşanly witamin içgisi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurt bazarlarynda-da meşhurdyr.
Geçen ýylda onuň önümleriniň ýüzlerçe müň gaby goňşy ýurtlara ugradyldy. Häzirki wagtda-da olara isleg bildirýänler köp. Şu günler kärhanada 270-den gowrak işgär iki tapgyrda zähmet çekýär. Günde önümleriň her görnüşinden 150 — 200 müň gaby öndürilýär.
Ýeri gelende bellesek, bu hojalyk jemgyýetiniň önümi ― «Bold» haryt nyşanly alkogolsyz, gazlandyrylan zirk tagamly witamin içgisi 2020-nji ýylyň fewralynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçen «EKSPO — 2020» halkara sergisiniň çäginde guralan «Innowasion önüm» bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy.