Soňky habarlar

Arhiw

Rumyniýa türkmen gazyny Ýewropa aşyrmagy meýilleşdirýär

13:1104.01.2021
0
16398

Rumyniýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy, geografiki ýerleşişi we sebitleýin energiýa taslamalaryna gatnaşmagy bilen, türkmen energiýasynyň Ýewropa bazaryna çykmagy üçin uzak möhletli mümkinçilikler döredip biler ― diýip, «Trend»  Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we iş gurşawy ministrliginiň beýanyna salgylanyp habar berýär.

Ministrligiň habaryna görä, Günorta gaz akymy Ýewropa Bileleşiginiň energiýa diwersifikasiýasy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan bolsa tebigy gaz üpjün edijileriniň arasynda Günorta gaz koridorynyň taslamasyna möhüm goşant goşup biler.

Ministrlik «Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndan, Eýrandan we Katardan soň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny  aýtmak gerek» diýip, beýanatynda aýratyn belledi. Häzirki wagtda Azerbaýjan gazynyň mukdary taslama üçin esasy çeşme bolup durýar, emma taslamanyň ösüşiniň indiki tapgyrynda Türkmenistandaky we Gresiýadaky suwuklandyrylan tebigy minerallar we beýlekiler ýaly beýleki üpjünçilik çeşmeleri göz öňünde tutulýar.

Beýanata görä, fewral aýynda Bakuwda guralan Günorta gaz akymy Geňeşiniň ministrler derejesindäki bäşinji mejlisine Rumyniýa bilen Türkmenistanyň gatnaşmagy iki ýurduň bu taslama goldaw berýändigini görkezýär.

Şeýle hem, habarda Kaspi Trans-gaz geçiriji taslamasynyň Ýewropa Komissiýasynyň umumy gyzyklanma bildirýän taslamalarynyň iň soňky sanawyna goşulandygy, şeýlelik bilen, strategiki derejä eýe bolandygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň