Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rumyniýa Hazar arkaly Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar

12:1701.01.2021
0
5912

Rumyniýa öz kompaniýalarnyň Hazaryň kenarynda, esasan hem türkmen bazarynda işjeň bolmagyna bil baglaýar. Hususan-da, rumyn kompaniýalary türkmen tarapy bilen energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmäge taýýar. Bu barada Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we iş gurşawy ministrligine salgylanmak bilen «Trend» habar berdi.

Ministrlik Rumyniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin syýasy we hökümet derejesinde doly açykdygyny mälim etdi.

Hususan-da, ministrlik önümleriniň ýokary hilli bolmagy üçin türkmen bazarynda ykrar edilen UZTEL SA, CONFIND SA ýa-da PETAL SA ýaly nebit we gaz pudagy üçin enjam öndürijileriniň gyzyklanmasyny belleýär.

Bu barada ministrligiň beýanatynda şeýle ýazylýar:

«Iki ýurtda-da energiýa pudagynda kämil hünärmenler bar we ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşini goldamak üçin özara peýdaly energiýa taslamalaryny ösdürip bileris. Biz ikitaraplaýyn gepleşikleri, mümkin boldugyça, gysga wagtda geçireris diýip umyt edýäris. Gyzyklanma bildirýän türkmen we rumyn kompaniýalary geljekde hyzmatdaşlyklaryny beýleki ugurlarda hem ösdürip bilerler».

Şeýle hem ministrlik türkmen kompaniýalary üçin rumyn bazarynyň hem açykdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň