Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly hususyýetçi 50 tonna pomidor eksport etdi

11:1230.12.2020
0
18008

Balkanabatly telekeçi Halmämmet Amanmämmedow täze ýyladyşhanasyndan ilkinji gezek 64 tonnadan gowrak pomidor ýygnady, şolardan 50 tonnasy Russiýa Federasiýasyna eksport edildi ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda işe girizilen 4 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän ýyladyşhana köpugurlydyr. Onda ekinleriň birnäçe görnüşi ýetişdirilýär.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda telekeçi Amanmämmedowa degişli 3 müň gektarlyk daýhan hojalygy hem bar. Şu ýyl bu meýdanyň 700 gektaryna ekilen gowaçadan ýokary hasyl aldy we 100 gektar ýerde bugdaýyň hasylly sortlaryny ekdi.

Halmämmet aga 12 gektar ýerde miweli baglary hem ýetişdirer. Ol bu çäkde üzüm nahallaryny hem ekmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem önümçiligiň aglaba bölegini eksporta ugratmagy maksat edinip goýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň