Soňky habarlar

Arhiw

Paýlanyp berlen ýer gaznalary Daşoguz welaýatynda oba hojalygynyň ösdürilmegine ýardam berýär

10:5927.12.2020
0
6056

Daşoguz welaýatynda on müňlerçe gektar meýdan 800-den gowrak ýer gaznalarynyň eýelerine paýlanyp berildi ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Sebitiň öňdebaryjy hojalyklarynyň biri bolan S.Türkmenbaşy adyndaky etrapda soňky ýyllarda 100 töweregi hususyýetçi 99 ýyllyk möhlet bilen ýer gaznalaryny edindi. Olar 26 müň gektardan gowrak ýerde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirýärler. 

Bu giňişligiň aglaba böleginde häzirki wagtda hasyl alynýar. Bölünip berlen ýerleriň 70 göterimi şertnama esasynda bugdaý, pagta we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylýar, galan ýer böleginde bolsa ekin dolanyşygy bilen beýleki ekinler ekilýär.

Ruhubelent etrabynda bolsa ýer gaznalarynyň eýeleriniň 170-den gowragy bar. Türkmenistanyň iň ýaş etraplarynyň biri bolan bu sebitde toprak özleşdirilip, onuň hasyl berijilik ukyby artdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň