Soňky habarlar

Arhiw

«Sinalco» Täze ýyl mynasybetli yglan eden baýrakly aksiýa ýaryşy tamamlanmaga ýakynlaşýar

11:2824.12.2020
0
15442

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Sinalco» tarapyndan gurnalan baýrakly aksiýa ýaryşy dowam edýär we eýýäm gymmat bahaly baýraklaryň eýesi bolan ilkinji bagtly adamlaryň atlary belli boldy. Paýtagtyň Çoganly şäherçesiniň 9 ýaşly ýaşaýjysy Bagtyýar Aşyrow «görenje» kir ýuwujy maşynyna, Änew şäheriniň ýaşaýjysy Ýusup Täçmyradow bolsa «Neos» telewizoryna eýe boldy.

Şeýle hem has kiçi baýraklaryň köpüsiniň - tozan sorujylaryň, saç guradyjylaryň, futbolkalaryň, polotensalaryň, «Sinalco» nyşanly bokallaryň ýeňijileri belli boldy.

«Sinalco» bu çäräniň tamamlanyp barýandygyny ýatladýar hem-de ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny baýrakly aksiýa ýaryşyna gatnaşmaklyga we nesibelerini barlap görmeklige wagt tapmaklyga ýa-da bu içgileriň açyk güneşli tagamy bilen özlerini we ýakynlaryny begendirmeklige çagyrýar.

Dekabr aýynyň başynda «Sinalco» markasynyň içgilerini öndürýän «Mahmal Zip» kompaniýasynyň baýrakly aksiýa ýaryşyny yglan edendigini habar beripdik.

Baýrakly aksiýa ýaryşyna gatnaşmaklyk üçin islendik «Sinalco» markaly içgiden üç sany gyzyl gapak ýygnamaly we ony bu önümleriň satylýan islendik söwda nokadyna eltip,  skretç  kart bilen çalyşmaly.  Skretç  kartdaky degişli gorag zolagyny bozup, dürli baýraklara eýe bolup bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň